"Arkadag" Türkiýede okuw-türgenleşik we ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer
Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby türgenleşik we ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek maksady bilen 12-nji ýanwarda Türkiýä ugrar. Topar okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Türkiýede geçirip, 2-nji fewralda ýurdumyza dolanar.
Türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde «Arkadag» 31-nji ýanwarda Özbegistanyň «Neftçi» kluby bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada «Neftçi» kluby öz sosial ulgamlarynda habar berdi. Duşuşyk Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda bolar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

