Afrikanyň Milletler Kubogy: ýarym finala çykan ýygyndylar belli boldy

Afrikanyň Milletler Kubogynda 11-nji ýanwara geçilýän gije 1/4 final tapgyrynyň ähli duşuşyklary tamamlandy. Netijede, çempionlyk ugrundaky göreşi dowam etdirjek dört milli ýygyndy anyklandy.

Ilkinji bolup ýarym finala Marokko milli ýygyndysy çykdy. Marokkoly futbolçylar Rabat şäherinde geçirilen duşuşykda Kamerun milli ýygyndysyny 2:0 hasaby bilen ýeňdi. Gollary Braim Dias hem-de Ismail Saýbari geçirdi.

Şeýle-de, Braim Dias ýaryşda taryhy görkezijä ýetdi. Ol Afrikanyň Milletler Kubogynyň final tapgyrynda yzly-yzyna bäş duşuşykda gol salan ilkinji futbolçy boldy. Dias toparçalaýyn tapgyrda we pleý-off oýunlarynda yzygiderli tapawutlanyp, Marokko ýygyndysynyň ýarym finala çykmagyna uly goşant goşdy.

Günüň beýleki duşuşygynda Senegal milli ýygyndysy Mali milli ýygyndysyndan 1:0 hasaby bilen üstün çykdy. Ýeke-täk goly Iliman Ndiaýe geçirdi. Bu ýeňiş bilen Senegal ýygyndysy Afrikanyň Milletler Kubogyndaky ýeňilmesiz duşuşyklarynyň sanyny 16-a ýetirdi (11 ýeňiş, 5 deňlik). Bu görkeziji boýunça diňe Müsür ýygyndysy (2004 2007-nji ýyllar aralykda 24 oýun) has ýokary netijä eýe.

1/4 final tapgyrynda Müsür milli ýygyndysy hem üstünlikli çykyş etdi. Olar Kot-d’Iwuar milli ýygyndysyny 3:2 hasaby bilen ýeňdi. Müsür ýygyndysynda Omar Marmuş, Rami Rabiýa hem-de Muhammed Salah tapawutlandy. Aýgytly goly duşuşygyň ahyrynda Salah geçirdi.

Soňky ýarym finalçy bolsa Nigeriýa milli ýygyndysy boldy. Nigeriýalylar Alžir milli ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda 2:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Gollaryň awtorlary Wiktor Osimhen hem-de Akor Adams boldy. Oýundan öň bonus tölegleri bilen bagly ýüze çykan meseleler toparyň çykyşyna täsir etmedi.

Şeýlelikde, Afrikanyň Milletler Kubogynyň ýarym final duşuşyklary 14-nji ýanwarda geçiriler:

• Senegal – Müsür
• Nigeriýa – Marokko

Marokkoda geçirilýän Afrikanyň Milletler Kubogy 18-nji ýanwarda tamamlanar.