Transfer. Antuan Semenýo «Mançester Sitiniň» futbolçysy boldy

«Mançester Siti» kluby «Bornmutdan» 26 ýaşly winger Antuan Semenýony resmi taýdan düzümine goşandygyny mälim etdi. Ganaly futbolçy "şäherliler" bilen 5,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Iňlis metbugatynyň maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 72 million ýewro boldy. Semenýo bu geçişden öň «Çelsi», «Tottenhem», «Liwerpul» we «Mançester Ýunaýted» ýaly klublaryň tekliplerinden ýüz öwrüp, hut «Mançester Sitini» saýlady. Oýunçynyň saýlawynda baş tälimçi Pep Guardiolanyň täsiri uly boldy.

Semenýo täze klubynda 42-nji belgide çykyş eder. "Transfermarkt" portalynyň berýän maglumatlaryna görä, bu transfer «Mançester Sitiniň» taryhynda iň gymmat bäş geçişiň biri boldy. Klub diňe Jek Griliş (117,5 mln), Ýoşko Gwardiol (90 mln), Kewin De Bruýne (76 mln) we Omar Marmuş (75 mln) üçin has köp töleg edipdi.

Şeýle-de belläp geçsek, Pep Guardiola «Mançester Sitiniň» baş tälimçisi bolup işlän döwründe transferlere 2,03 milliard ýewrodan gowrak serişde harçlady. Bu görkeziji häzirki wagtda tälimçileriň arasynda rekord hasaplanýar.

Antuan Semenýo häzirki möwsümde Angliýanyň Premýer ligasynda 20 duşuşyga gatnaşyp, 10 gol we 3 asist bilen tapawutlandy.