"Altyn Asyryň" hüjümçisi Süleýman Muhadowyň şertnamasy tamamlandy
«Altyn Asyryň» 32 ýaşly hüjümçisi Süleýman Muhadow şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli klubdan aýryldy. Häzirki wagtda tejribeli futbolçy erkin agent ýagdaýynda.
Futbolçynyň täze möwsümde karýerasyny haýsy klubda dowam etdirjekdigi barada maglumat ýakyn wagtda belli bolar.
Süleýman Muhadow futbol ýoluna «HTTU Aşgabat» klubynda başlady. Ol karýerasynyň dowamynda «Altyn Asyr», «Ahal», Täjigistanyň «Istiklol», «Hujand», «SSKA Duşanbe», Gyrgyzystanyň «Dordoý», «Abdyş-Ata», «Alaý» klublarynda çykyş etdi. Soňky möwsümde bolsa ýene-de «Altyn Asyr» toparynyň düzüminde oýnady.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

