Aşgabatda çagalar üçin "Grassroots" futbol festiwaly geçirildi
9-njy ýanwarda Aşgabat şäherinde çagalar futbolyny ösdürmäge gönükdirilen "Grassroots" futbol festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda guraldy.

Festiwal Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň futbol meýdanynda alnyp baryldy. Oňa şäherdäki sport mekdepleriniň futbol toparlaryndan 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda ýaşlar dürli türgenleşik çärelerine, sport oýunlaryna hem-de kiçi meýdançalarda geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşdylar. Guramaçylar tarapyndan taýýarlanan bäsleşikler çagalaryň futbola bolan höwesini has-da artdyrdy.
Bu futbol festiwaly ýaş nesli sporta çekmek, şeýle-de Türkmenistanda futbolyň giňden ýaýramagyna itergi bermek maksady bilen geçirildi. Festiwalyň jeminde gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol toplary sowgat edildi.
Şeýle çäreleriň ýakyn wagtda hem dowam etdiriljekdigi bellenilýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

