"Maliýeçi" Uniwersiadanyň futbol ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň gurnamagynda, 15-nji Uniwersiadanyň maksatnamasyna girýän futbol boýunça ýaryşyň final duşuşygy geçirildi.

Finalda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» futbol toparlary duşuşdylar. Duşuşykda «Maliýeçi» topary 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, ýaryşyň çempiony boldy.

Final duşuşygy Aşgabat köpugurly stadionynda geçirildi.