TFF-nyň guramagynda "B" derejeli tälimçilik okuwynyň birinji moduly dowam edýär
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) bilen bilelikde guramagynda geçirilýän "B" derejeli tälimçilik okuwynyň birinji moduly dowam edýär.
Okuw Aşgabat şäherindäki "Köpetdag" stadionynda 24 diňleýjiniň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Birinji modul 7–11-nji ýanwar aralygynda geçirilýär. Okuwyň ikinji moduly şu aýyň ahyrlarynda, üçünji moduly bolsa fewral aýynda guralar.
Sapaklary FIFA-nyň we TFF-niň instruktory Röwşen Meredow geçirýär. Oňa futbol tälimçisi Boris Borowik kömek edýär.
Okuw maksatnamasy nazary hem-de amaly sapaklary öz içine alýar. Okuwyň jeminde diňleýjiler synag tabşyrar. Synaglary üstünlikli geçenler "B" derejeli tälimçilik şahadatnamasyna eýe bolar.
Bu şahadatnama tälimçilere Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynda kömekçi tälimçi bolup işlemäge, şeýle-de ýaşlar hem-de 12 ýaşdan uly ýetginjekler toparlaryny türgenleşdirmäge mümkinçilik berýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

