"Al-Nasr" ýeňiş gazanyp bilenok – "Arkadagyň" ýeňiş umydy güýçlenýär

Saud Arabystanyň «Al-Nasr» kluby 2025/26 möwsümini örän ýokary depginde başlady. Olar Saud Arabystanyň çempionatynda ilkinji 10 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanyp, 30 utuk bilen sanawyň 1-nji ornunda barýardy. Şeýle hem AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda geçirilen 6 duşuşygyň hemmesinde ýeňiş gazanyp, 18 utuk toplady.

Şol döwre çenli «Al-Nasr» çempionat we AFK ýaryşlarynda ýeňlişsiz oýnasa-da, diňe kubok duşuşyklarynda ýeňlişe sezewar boldy. Hususan-da, olar

— Saud Arabystanyň Superkubogynyň finalynda «Al-Ahli» klubyndan,
— Saud Arabystanyň Korolynyň Kubogynyň 1/8 final tapgyrynda bolsa «Al-Ittihad» klubyndan ýeňildi.

Emma 30-njy dekabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň ştab-jaýynda geçirilen bije çekilişikde «Al-Nasr» AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/8 finalynda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby bilen garşylaşjakdygyny bilensoň ýagdaý düýpli üýtgedi. Şol bijeden soň «Al-Nasr» Saud Arabystanyň çempionatynda 3 duşuşyk geçirdi: 1 oýunda deňme-deň oýnady, 2 duşuşykda bolsa ýeňildi. Netijede, olar 31 utuk bilen sanawyň 2-nji ornuna gaçdy.

Bu pursatdan peýdalanan esasy bäsdeşi «Al-Hilal» 13 duşuşykdan soň hiç ýeňilmän, 35 utuk bilen çempionatyň liderine öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» bilen «Al-Nasr» AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda bolar.

11-nji fewralda geçiriljek öý duşuşygy «Arkadag» şäherinde däl-de, Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda geçiriler. Häzirki wagtda «Arkadag» topary şol stadionda uly depgin bilen türgenleşiklerini dowam etdirýär.