Teýmur Çaryýew "Torpedo-BelAZ" bilen hoşlaşdy
Belarusuň «Torpedo-BelAZ» kluby sosial ulgamlarda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew bilen hoşlaşandygyny habar berdi.
Klubyň paýlaşan habarynda Çaryýewiň eden hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirildi. Bellenilişine görä, türkmen futbolçysy geçen ýylyň başynda Belarusa gelip, möwsümden öňki türgenleşiklerde özüni gowy tarapdan görkezdi we karýerasynda ilkinji gezek Aziýanyň daşynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Ol «Torpedo-BelAZ» klubynyň düzüminde 35 duşuşyk geçirip, 1 gol we 2 asist bilen tapawutlandy. Şeýle-de, soňky 8 ýylyň dowamynda ilkinji gezek türkmen futbolçysy Ýewrokubok oýunlaryna gatnaşdy.
Çaryýewiň özi hem klub bilen hoşlaşyk sözlerini aýtdy:
"Maňa şeýle uly klubda özümi görkezmäge mümkinçilik beren toparyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýdýaryn. Tälimçilerime we topardaşlaryma ynamy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. Janköýerlere bolsa her oýunda beren goldawlary üçin köp sag bolsun aýdýaryn".
Şeýle hem häzirki wagtda Teýmur Çaryýewiň karýerasyny Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda dowam etdirmegi mümkin. Gyrgyz žurnalisti Tengelbes Musaýewiň maglumatyna görä, 25 ýaşly futbolçy «Bars» kluby bilen şertnama baglaşmaga ýakyn. Belarusuň «Torpedo-BelAZ» kluby bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanan Çaryýew täze topara erkin agent hökmünde goşular.
Ýatladyp geçsek, Çaryýew mundan ozal Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata kluby bilen çykyş edip, ýurduň çempionatynda iki gezek çempion bolupdy.
Şeýle-de gyrgyz metbugatynda bellenilişine görä, täze möwsümden başlap Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda çykyş edýän legioner futbolçylara iň azyndan 1000 amerikan dollary möçberinde aýlyk hak tölemek göz öňünde tutulýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

