"Barselona" finala çykdy, "Real" indi meýdança çykar

Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym final tapgyrynda «Barselona» kluby «Atletik klubyny» uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Saud Arabystanyň Jidda şäherinde geçirilen duşuşyk 5:0 hasaby bilen tamamlandy.

Duşuşykda Rafinýa iki gol bilen tapawutlandy, Ferran Torres, Fermin Lopes we Runi Bargaji bolsa hersi bir gezekden tapawutlandy. Şeýlelikde, «Barselona» kluby Superkubogyň finalyna ilkinji bolup ýol açdy.

Ýaryşyň ikinji ýarym final duşuşygy bolsa bu gün — 8-nji ýanwardan 9-njy ýanwara geçilýän gije geçiriler. Bu tapgyrda Madridiň «Real Madrid» kluby «Atletiko» kluby bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.

Ýatladyp geçsek, bu duşuşykda «Realyň» esasy hüjümçisi Kilian Mbappe toparyna kömek edip bilmez. Fransuz futbolçysy çep dyzynyň baglamalaryndan alan şikesi sebäpli duşuşyga hasaba alynmadyr.

Ispaniýanyň Superkubogy 7–11-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystanyň Jidda şäherinde geçirilýär. Ýaryşa «Barselona», «Real», «Atletiko» we «Atletik» klublary gatnaşýar.