Mergen Orazow "Arkadagyň" türgenleşiginde göründi

Türkmenistanyň iň tejribeli tälimçileriniň biri Mergen Orazow Ýewropadan watanyna dolanyp, «Arkadagyň» türgenleşiklerinde göründi. Habar berlişine görä, ol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň pleý-off duşuşyklaryna taýýarlamak işine gatnaşýar.

Orazow geçen möwsüm Litwanyň «Daýnawa» toparynda işläpdi. Häzirki wagtda onuň «Arkadagda» nädip we haýsy wezipede işlejekdigi doly aýdyň däl. Sebäbi toparyň hakyky baş tälimçisi Wladimir Baýramow bolup galýar, emma onuň Pro ygtyýarnamasy ýok. Mergen Orazow bolsa bu ygtyýarnama eýe.

«Arkadag» Saud Arabystanyň güýçli «Al-Nasr» kluby bilen boljak duşuşyklara örän çynlakaý taýýarlanýar. Topar eýýäm birnäçe täze futbolçy bilen şertnama baglaşdy. Şolaryň hatarynda Gyrgyzystanyň çempionatyndan gaýdyp gelen, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Meýlis Diniýewden başga «Kopetdagdan» gelen 22 ýaşly hüjümçi Daýanç Meredow we «Altyn Asyrdan» gelen 24 ýaşly çep ganat hüjümçi Rahman Myratberdiýew hem bar.

11-nji fewralda geçiriljek öý duşuşygyny «Arkadagyň» Arkadag şäherinde däl-de, Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa stadiony" meýdançasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Maglumatlara görä, bu mesele boýunça AFK bilen ylalaşyk gazanylan bolmaly.

Ýatladyp geçsek, Mergen Orazow ozal «Ahal» bilen Türkmenistanyň çempiony bolupdy, şeýle-de milli ýygyndy bilen hem işläpdi. Geçen ýyl ol Litwada «Daýnawany» aşak düşmekden halas etmek üçin çagyrylypdy, başlangyçda oňyn netijeler görnen hem bolsa, topary ýokary ligada saklamak başartmandy.