"Arkadag" topary "Olimpiýa" stadionynda ilkinji türgenleşigini geçirdi

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda özüniň ilkinji türgenleşigini geçirdi. Türgenleşik ýokary depginde alnyp baryldy we topar indiki halkara duşuşyklara örän çynlakaý taýýarlanýandygyny görkezdi.

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň indiki tapgyrynda Saud Arabystanyň güýçli «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda bolar.

Bellenilişi ýaly, 11-nji fewralda geçiriljek ilkinji duşuşyk Aşgabat şäherindäki "Olimpiýa" stadionynda oýnalar.