"Mançester Ýunaýted", "Çelsi" we "Strasburgda" tälimçi üýtgeşmeleri
«Mançester Ýunaýted» klubynyň öňki goragçysy Jonni Ewans toparyň wagtlaýyn baş tälimçisi Darren Fletçer tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän tälimçi toparynda Kömekçi wezipesine bellendi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.

Dekabr aýynda 38 ýaşly Demirgazyk irlandiýaly hünärmen klubyň oýunçylary kärende we ösüş maksatnamalarynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýrylypdy. Ol bu wezipäni iýul aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi.
5-nji ýanwarda «Mançester Ýunaýted» toparynyň ýolbaşçylary Ruben Amorimiň baş tälimçi wezipesinden boşadylandygyny mälim etdi. Topary wagtlaýyn esasda öň 18 ýaşa çenli topary tälim berip gelen Darren Fletçer kabul etdi. Iňlis metbugatynyň maglumatlaryna görä, klub möwsümiň ahyryna çenli topary dolandyrjak täze hünärmen gözleýär we bu ugurda öňki futbolçylary Ole-Gunnar Sulşer hem-de Maýkl Karrik bilen gepleşikler geçirildi.

Häzirki wagtda APL-iň 20 tapgyryndan soň «Mançester Ýunaýted» 31 utuk toplap, ýaryş tertibinde 6-njy orny eýeleýär.
Şol bir wagtyň özünde fransuzlaryň «Strasburg» kluby hem baş tälimçi üýtgeşmesini amala aşyrdy. Iňlis hünärmeni Gari O’Nil toparyň täze baş tälimçisi wezipesine bellenildi, şertnamanyň möhleti barada maglumat berilmedi.

Öňki habarlarymyzda habar berşimiz ýaly, «Strasburgyň» öňki tälimçisi Liam Rozener Londonyň «Çelsi» klubyna geçendigi sebäpli, fransuz topary täze hünärmen gözläpdi. O’Niliň soňky iş ýeri «Wulwerhempton» bolup, ol bu kluby 2023-nji ýylyň awgustyndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli dolandyrypdy. Ondan ozal bolsa «Bornmut» klubynda baş tälimçi bolup işläpdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

