Mbappe "Real" – "Atletiko" duşuşygyna gatnaşmaz
Madridiň «Real» klubynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym final tapgyrynda «Atletiko» bilen geçiriljek duşuşyga hasaba alynmady. Bu barada "korol" klubyň metbugat gullugy habar berdi.
Habara görä, fransuz futbolçysy dekabr aýynyň ahyrynda çep dyzynyň baglamalaryny dartyp, şikes aldy. Şol sebäpli ol toparyna kömek edip bilmez.
«Real» bilen «Atletiko» arasyndaky ýarym final duşuşygy 8-nji ýanwardan 9-njy ýanwara geçilýän gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.
Mbappe şu möwsümde «Realyň» düzüminde ähli ýaryşlarda 24 duşuşyga gatnaşyp, 29 gol geçirdi we 5 asist etdi.
Ispaniýanyň Superkubogy 7–11-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystanyň Jidda şäherinde geçirilýär. Bu ýaryşa şeýle-de «Barselona» we «Atletik» klublary hem gatnaşýar. Olar bu gün 8-nji ýanwara geçilýän gije sagat 00:00-da oýnaýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

