Afrikanyň Milletler Kubogynda çärýek finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy
6-njy ýanwarda Afrikanyň Milletler Kubogy-2025-iň 1/8 final tapgyrynyň soňky duşuşyklary geçirildi we ýaryşyň çärýek finalyna çykan toparlaryň hemmesi anyklandy.
Soňky oýunlarda Alžir goşmaça wagtda Kongo Demokratik Respublikasy toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Şeýle-de Kot-d’Iwuar ýygyndysy Burkina-Faso toparyny 3:0 hasaby bilen utup, indiki tapgyra geçdi.
Şeýlelikde, AFK Kubogy–2025-iň çärýek finalyna çykan toparlar: Mali, Senegal, Kamerun, Marokko, Alžir, Nigeriýa, Müsür we Kot-d’Iwuar boldy.
Çärýek finalda şu toparlar duşuşar:
• Mali – Senegal
• Müsür – Kot-d’Iwuar
• Kamerun – Marokko
• Alžir – Nigeriýa

Ýaryş bilen hoşlaşan toparlar bolsa Sudan, Tunis, Tanzaniýa, Günorta Afrika Respublikasy, Benin, Mozambik, Kongo Demokratik Respublikasy we Burkina-Faso boldy.
Çärýek final duşuşyklary 9–10-njy ýanwarda geçiriler. Ýarym final oýunlary 14-nji ýanwarda meýilleşdirilýär. Afrikanyň Milletler Kubogy-2025-iň ýeňijisi bolsa 18-nji ýanwarda geçiriljek final duşuşygynda belli bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

