Röwşen Muhadow "Arkadag" bilen hyzmatdaşlygyny tamamlady

«Arkadag» futbol klubynda tälimçilik işi bilen bagly üýtgeşme boldy. Röwşen Muhadow bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň, taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmän, hoşlaşmak kararyna geldiler. Bu barada "Turkmenportal" neşiri habar berýär.

Tälimçi klubda geçiren döwrüne oňyn baha berip, «Arkadagyň» janköýerlerine we ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Ol toparyň geljekde-de uly üstünliklere ýetjekdigine ynam bildirdi hem-de öňde duran möhüm duşuşyklarda şowlulyk arzuw etdi.

Röwşen Muhadow «Arkadaga» AFK Çempionlar ligasy–2 bilen baglylykda goşulypdy. Aziýanyň futbol düzgünlerine laýyklykda, halkara ýaryşlarda PRO derejeli ygtyýarnamasy bolmadyk tälimçiniň baş tälimçi hökmünde çykyş edip bilmeýändigi sebäpli, Muhadow ýaryş döwründe toparyň resmi baş tälimçisi hökmünde bellige alnypdy. Şol bir wagtyň özünde, Wladimir Baýramow tälimçi toparynyň gündelik işine ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirdi.

Bu tälimçiler topary bilen bilelikde «Arkadag» öz taryhynda ilkinji gezek AFK Çempionlar ligasy–2-niň 1/8 final tapgyryna çykmagy başardy. Topar toparçalaýyn tapgyrda durnukly çykyş edip, "B" toparçada ikinji orny eýeledi.

Indiki tapgyrda ýurdumyzyň çempionyny örän çynlakaý synag garaşýar — «Arkadag» Saud Arabystanyň güýçli «Al-Nasr» kluby bilen iki duşuşykdan ybarat garşylaşyk geçirer. Ilkinji oýun 11-nji fewralda Türkmenistanda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanda bolar.