APL. Liam Rozener "Çelsiniň" täze baş tälimçisi boldy

Iňlis hünärmeni Liam Rozener Londonyň «Çelsi» klubynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi.

41 ýaşly tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär. Rozener bu wezipede 1-nji ýanwarda işden boşadylan Enso Mareskanyň ornuny tutdy. Mareskanyň ýolbaşçylygynda londonly klub UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň hem-de klublar arasynda dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Rozeneriň «Çelsidäki» ilkinji duşuşygy 10-njy ýanwarda Angliýanyň Kubogynyň çäginde «Çarlton» toparyna garşy bolar. 

Täze baş tälimçi bellenilmegi baradaky ilkinji çykyşynda şeýle diýdi:

— Men örän buýsançly. «Çelsi» ýaly taryhy baý, özboluşly ruhy bolan kluba baş tälimçi bolup bellenmek — meniň üçin uly hormat. Maksadymyz klubyň özboluşly keşbini saklap galmak we her duşuşykda şol gymmatlyklary görkezýän topar döretmekdir. Şeýlelikde, biz ýene-de kuboklary gazanmagy dowam etdireris.

Liam Rozener mundan öň Angliýada «Derbi Kaunti» klubynda wagtlaýyn baş tälimçi, soňra bolsa «Hall Siti» klubynda baş tälimçi bolup işledi. Onuň soňky iş ýeri Fransiýanyň «Strasburg» kluby boldy. Rozeneriň ýolbaşçylygynda «Strasburg» 19 ýyldan soň ilkinji gezek Ýewropa kuboklaryna gatnaşmaga hukuk gazandy, Konferensiýa ligasynyň toparçasynda ýeňiji boldy we häzirki wagtda Fransiýanyň Liga 1 ýaryşynda ýedinji orny eýeleýär.

Belläp geçsek, «Strasburg» we «Çelsi» klublary umumy eýelere degişlidir we fransuz kluby londonly toparyň hyzmatdaş (farm) kluby hasaplanýar.

Häzirki wagtda «Çelsi» Angliýanyň Premýer-ligasynyň sanawynda bäşinji orunda ýerleşýär. Londonly klub indiki duşuşygyny 8-nji ýanwarda «Fulhem» toparyna garşy geçirer.