"Galatasaraý" Türkiýäniň Superkubogynyň finalyna çykdy
«Galatasaraý» futbol boýunça Türkiýäniň Superkubogynyň ýarym finalynda «Trabzonspor» toparyndan üstün çykdy. Gaziantep şäherinde geçirilen duşuşyk 4:1 hasaby bilen tamamlandy.

«Galatasaraýyň» düzüminde gollary Baryş Alper Ýylmaz, Eren Elmali, Ýunus Akgün we Mauro Ikardi geçirdi. Şeýle-de Ikardi bu oýunda bir asist hem etdi. «Trabzonsporyň» ýeke-täk goluny Felipe Augusto öz adyna ýazdyrdy.
Bu ýeňişden soň «Galatasaraý» 10-njy ýanwarda geçiriljek finalda «Fenerbahçe» – «Samsunspor» duşuşygynyň ýeňijisi bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu duşuşyk 6-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 22:30-da başlanar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

