Transfer. "Barselona" Žoau Kanseluny yzyna gaýtarmaga ýakyn

Portugaliýaly goragçy Žoau Kanselu «Barselona» klubyna dolanmak ugrunda möhüm ädim ätdi. Katalon kluby futbolçynyň häzirki kluby «Al-Hilal» bilen möwsümiň ahyryna çenli kärende ylalaşyga geldi.

Maglumatlara görä, transferiň bahasy 4 million ýewro bolar. Kanselunyň «Barselonada» aljak aýlygy bolsa takmynan 5 million ýewro hökmünde kesgitlenýär. Resmi bildirişiň ýakyn günlerde yglan edilmegine garaşylýar.

31 ýaşly goragçy şikes alan Andreas Kristenseniň deregine hasaba alynar. Daniýaly futbolçy azyndan dört aýa golaý meýdançadan daşda galar.

Kanselu şu möwsümde ähli ýaryşlarda 6 duşuşyga gatnaşyp, 1 gol geçirdi we 2 asist etdi. Onuň tejribesi we köptaraply oýny «Barselonanyň» goranyş we ganat liniýalaryna möhüm güýç goşar diýlip garaşylýar.