APL. "Mançester Ýunaýted" Ruben Amorimi işden boşatdy

«Mançester Ýunaýted» kluby baş tälimçi Ruben Amorim bilen hyzmatdaşlygyny resmi taýdan bes edendigini mälim etdi. Karar klubyň resmi çeşmelerinde tassyklanyldy.

40 ýaşly portugal hünärmeni «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine 2024-nji ýylyň noýabr aýynda bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar ähli ýaryşlarda jemi 63 duşuşyk geçirdi: 25 ýeňiş gazandy, 15 gezek deňme-deň oýnady we 23 duşuşykda ýeňildi. Şeýle-de bolsa, bu döwürde klub hiç bir baýrak gazanyp bilmedi.

Geçen möwsümde «Mançester Ýunaýted» Premýer-ligany 15-nji orunda tamamlady. Mundan başga-da, topar Ýewropa Ligasynyň finalyna çenli ýetip, onda «Tottenhem» klubyndan 0:1 hasabynda utuldy.

Neşirleriň ýazmagyna görä, soňky nokat Premýer-liganyň çäginde «Lids» bilen 1:1 hasabyndaky deňlik boldy. Duşuşykdan soň Amorimiň klub ýolbaşçylary bilen transfer syýasaty we goldaw meselesinde düşünişmezlikleriniň güýçlenendigi bellenilýär. Bu ýagdaý topar ýolbaşçylarynyň sabyr-takadynyň tükenmegine sebäp boldy.

Häzirki möwsümde Premýer-liganyň 20 tapgyryndan soň «Mançester Ýunaýted» 31 utuk toplap, ýaryş tertibinde altynjy orunda ýerleşýär.

Klubyň habaryna görä, indiki duşuşykda topary wagtlaýynça Darren Fletçer taýýarlar. Ol Premýer-liganyň 21-nji tapgyrynda «Börnli» bilen boljak oýunda topary dolandyrar. Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, Fletçeriň bu wezipesinde iň bolmanda tomusa çenli galmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

«Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylary baş tälimçiniň çalşylmagynyň möwsümiň galan böleginde toparyň netijelerine oňyn täsir etmegine umyt bildirýändiklerini nygtady.