"Ahalyň" baş tälimçisi Welsähet Öwezow, kapitany Elman Tagaýew topardan gitdi
Ýurdymyzyň «Ahal» topary baş tälimçisi Welsäht Öwezow bilen hoşlaşdy, şeýle-de toparyň kapitany Elman Tagaýew klubdan gitdi. Bu barada "Aziýa-Sport" telegram kanaly habar berýär.

Toparyň täze baş tälimçisi hökmünde «Ahal II» toparynyň tälimçisi Eziz Annamuhammedow bellenildi.
Soňky iki möwsümde Welsähet Öwezowyň ýolbaşçylygynda «Ahal» Türkmenistanyň çempionatynda iki gezek kümüş medal gazandy. 2025-nji ýylda topar Kubogyň finalyna çykdy we diňe «Arkadag» toparyndan utuldy. Şeýle-de «Ahal» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynda täjikleriň «Regar-TadAZ» toparyny ýeňip, toparçalaýyn tapgyra çykdy we ol ýerde hem mynasyp çykyş etdi.
Tälimçiden soň toparyň birnäçe esasy futbolçysy hem klub bilen hoşlaşdy. Olaryň arasynda 2019-njy ýyldan bäri çykyş eden kapitan Elman Tagaýew, 2015-nji ýyldan bäri klubda bolan wise-kapitan Gurban Annaýew, 2023-nji ýyldan bäri çykyş eden Alibek Abdurahmanow, şeýle-de Bagtyýar Gürgenow, Hakmuhammet Bäşimow we Akmamet Metdäýew bar.

Elman Tagaýew Aziýanyň Çempionlar ligasynda geçiren 6 oýnunyň hemmesinde doly oýnady we 2 gol, 2 asist bilen tapawutlandy. Futbolçylaryň tiz wagtda täze klublar tapmagyna umyt bildirilýär.
Bu üýtgeşmelerden soň «Ahal» toparynyň geljegi näbelliligini saklaýar. Topar öňde duran möwsümde hem Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynda çykyş etmeli, emma täze transferler boýunça häzirlikçe hiç hili maglumat ýok.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

