APL. Jeýms Milner taryhy görkezijä ýetdi
«Braýtonyň» ýarymgoragçysy Jeýms Milner «Börnli» bilen geçirilen ýeňişli duşuşykda meýdança çykyp, Angliýanyň Premýer-ligasynda özboluşly taryhy görkezijä ýetdi.
Bu duşuşykdan soň Milner Premýer-ligada 25 senenama ýylynyň dowamynda çykyş eden futbolçy boldy. 4-nji ýanwarda tejribeli oýunçy 40 ýaşyny doldurdy.
Jeýms Milneriň Premýer-ligadaky ilkinji oýny 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bolup geçdi. Ol şol wagt «Lids» klubynyň düzüminde «West Hem» bilen duşuşykda meýdança çykdy. 16 ýaş 309 günlük mahaly oýna çykan Milner Premýer-liganyň taryhynda meýdança çykan ikinji iň ýaş futbolçy hökmünde bellige alyndy.
25 ýyl dowam eden karýerasynda Milner Premýer-ligada birnäçe meşhur klublarda çykyş etdi. Ol «Lids», «Nýukasl», «Aston Willa», «Mançester Siti» we «Liwerpul» klublarynyň köýnekçesini geýdi. «Mançester Siti» we «Liwerpul» bilen birlikde Angliýanyň çempiony boldy, şeýle-de Çempionlar ligasy ýaly iri kuboklary gazandy.

«Braýton» — «Börnli» duşuşygynda meýdança eýeleri doly artykmaçlyk bilen çykyş etdi we mynasyp ýeňiş gazandy.
Şeýlelikde, «Braýton» Premýer-ligadaky alty duşuşyklyk ýeňişsiz tapgyryny tamamlady. Klub häzirki wagtda 28 utuk bilen ýaryşyň orta böleginde ýerleşýär.
«Börnli» bolsa nobatdaky ýeňlişden soň 12 utuk bilen ýaryşyň sanawynda soňkynyň öňünde galdy. Şeýle-de, olaryň Premýer-ligadaky ýeňişsiz tapgyry 11 duşuşyga ýetdi. «Börnli» soňky gezek 26-njy oktýabrda «Wulwerhempton» klubyny ýeňmegi başarypdy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

