Mihail Titow "Uzgen" bilen şertnamasyny uzaltdy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow Gyrgyzystanyň «Uzgen» kluby bilen şertnamasyny uzaltdy. Taraplaryň arasynda baglaşylan täze şertnama 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket eder.

28 ýaşly futbolçy «Uzgen» klubyna geçen ýylyň başynda goşulyp, ilki bir ýyllyk şertnama baglaşypdy. Şondan bäri Titow Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda 24 duşuşykda 8 gol geçirip, 3 asist etdi. Şeýle-de, Gyrgyzystanyň Kubogynda 1 oýunda 1 gol bilen tapawutlandy.
2025-nji ýylyň dowamynda ol ähli ýaryşlarda jemi 31 oýunda 10 gol geçirip, 3 asist berdi.
"Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Mihail Titowyň bazar bahasy 200 müň ýewro diýlip baha berilýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

