Ýanwaryň transfer penjiresi: häzirki wagta çenli ähli esasy geçişler

Ýanwaryň gyşky transfer penjiresiniň açylmagy bilen futbol bazarynda işjeňlik artdy. Klublar düzümlerini güýçlendirmek, oýunçylar bolsa täze mümkinçilikleri synap görmek ugrunda ilkinji ädimleri ätdi. Häzirki wagta çenli resmileşdirilen we ylalaşyk derejesindäki ähli möhüm transferler aşakdaky görnüşde jemlenýär.

Ilki bilen, Türkmenistanyň futbol janköýerleri üçin möhüm habar. Milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Meýlis Diniýew ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» kluby bilen resmi şertnama gol çekişdi. 25 ýaşly futbolçy futbol ýoluny «Köpetdag» klubynda başlap, soňra «Ahal» klubynda çykyş etdi. Şeýle-de, ol daşary ýurt tejribesini toplap, soňky möwsümde Gyrgyzystanyň «Gyrgyzaltyn» klubynda oýnady. Karýerasynda Türkmenistanyň çempiony adyny we Türkmenistanyň Kubogyny gazanan hüjümçiniň häzirki bazar bahasy 150 müň ýewro hökmünde görkezilýär.

Dünýä futbolyndaky iň uly atlaryň biri bolan Neýmar hem ýanwaryň ilkinji günlerinde gündeme geldi. Braziliýaly ýyldyz «Santos» kluby bilen täze şertnama boýunça ylalaşdy. Täze şertnama 2026-njy ýylyň dekabryna çenli niýetlenýär. Neýmar 2025-nji ýylyň ýanwarynda kluba erkin agent hökmünde goşulypdy. Geçen möwsümde ol 30 duşuşykda 11 gol geçirip, 4 asist etdi. Oýunçynyň häzirki bazar bahasy 10 million ýewro diýlip görkezilýär.

Ýewropa transfer bazarynda uly gyzyklanma döreden geçişleriň biri Manor Solomon bilen bagly boldy. «Tottenhem» klubyna degişli bolan 26 ýaşly ganat oýunçysy möwsümiň ahyryna çenli Italiýanyň «Fiorentina» klubyna kärendä berildi. Oýunçy möwsümiň birinji ýarymynda «Wilyarrealda» çykyş edipdi. Kärende ylalaşygynda takmynan 10 million ýewro möçberinde satyn almak mümkinçiligi bar. Eger bu şert ulanylsa, Solomon bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşylyp bilner.

Nemes futbolçysy Paskal Gross hem täzeden tanyş kluba gaýdyp geldi. 34 ýaşly ýarymgoragçy Dortmundyň «Borussiýasyndan» Angliýanyň «Braýton» klubyna transfer edildi. Transferiň bahasy 1,2 million funt sterlinge barabar. Şertnama 2027-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenýär. Gross ozal hem 2017–2024-nji ýyllarda «Braýtonda» çykyş edip, klubyň taryhynda möhüm orun eýeläpdi.

Angliýanyň Premýer-ligasynda başga bir tejribeli futbolçy Freýzer Forster täze klub tapdy. 37 ýaşly derwezeban «Bornmut» kluby bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Ol ozal «Tottenhem» klubynyň düzüminde çykyş edipdi.

Ýene bir uly ses getiren geçiş — Brennan Jonsonyň «Kristal Pelasa» transferi boldy. Ganatly hüjümçi «Tottenhemden» Londonyň başga bir klubyna geçdi. Bu transfer «Kristal Pelasyň» taryhynda iň gymmat geçişleriň biri hökmünde hasaba alyndy. Metbugatda transferiň bahasy 40 million ýewro töweregi diýlip görkezilýär. Şertnama 4,5 ýyl möhlete baglaşyldy.

Italiýa futbolunda hem möhüm hereketler boldy. Nemes hüjümçisi Niklas Fýullkrug «West Hemden» – «Milana» möwsümiň ahyryna çenli kärende esasynda geçdi. Ylalaşykda satyn almak mümkinçiligi hem bar. Häzirki möwsümde Fýullkrug az oýun tejribesi alyp, netijelilik taýdan tapawutlanyp bilmedi.

Argentinaly hüjümçi Walentin Kastelýanosyň «West Heme» geçişi hem tamamlanmaga ýakyn. «Lazio» bilen 30 million ýewro möçberinde ylalaşyk gazanyldy, häzirki wagtda resminamalar gutarnykly tapgyrdadyr. Bu möwsümde Kastelýanos 12 duşuşykda 3 gol we 2 asist etdi.

Şeýle-de «West Hem» portugaliýaly hüjümçi Pablo Felipäni «Žil Wisenteden» transfer etdi. Şertnama 4,5 ýyl möhlete baglaşyldy we ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bar. Transferiň umumy bahasy 23 million ýewro hökmünde görkezilýär. Felipäniň häzirki möwsümdäki statistikasy 14 oýunda 10 gol we 1 asistden ybarat.

Italiýaly hüjümçi Jýakomo Raspadoriniň geljegi heniz anyk däl. «Atletiko» bilen «Roma» arasynda ylalaşyk gazanylsa-da, oýunçy soňky kararyny kabul etmek üçin birnäçe gün wagt sorady. Ol baş tälimçi bilen gepleşip, transferiň görnüşi boýunça öz täsirini ýetirmek isleýär. Oňa «Lazio» we «Galatasaraý» klublary hem gyzyklanma bildirýär.

Geljegi üçin niýetlenen transferleriň biri hökmünde ýaş futbolçy Ifeanyi Ndukwe-niň «Liwerpula» geçişi hem bellärliklidir. 17 ýaşly merkezi goragçy «Awstriýa Wenadan» iýun aýynda iňlis klubyna goşular. "Brexit" düzgünleri sebäpli ol 18 ýaşyna ýetenden soň, ýagny 2026-njy ýylyň tomsunda resmi taýdan hasaba alnyp biler. Ilkibaşda ol ýaşlar toparynda çykyş eder.

Şeýlelikde, ýanwaryň transfer penjiresi heniz täze başlanyp durka-da, türkmen futbolyndan başlap dünýäniň iň uly klublaryna çenli birnäçe möhüm we gyzykly geçişler eýýäm amala aşyryldy. Ýakyn günlerde bu sanawyň ýene-de giňelmegine garaşylýar.