Meýlis Diniýew «Arkadag» klubynyň düzümine goşuldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Meýlis Diniýew, ýurdumyzyň yzly-yzyna üç ýyl çempiony «Arkadag» kluby bilen resmi şertnama gol çekişdi.

25 ýaşly futbolçy hüjümçi futbol ýoluny «Köpetdag» klubynda başlap, soňra «Ahal» klubynda çykyş etdi. Şeýle-de, futbolçy daşary ýurt tejribesini hem toplap, soňky ýylda Gyrgyzystanyň «Gyrgyzaltyn» klubynda oýnady. Milli ýygyndynyň hüjümçisi karýerasynda birnäçe üstünliklere ýetdi. Ol Türkmenistanyň çempiony adyna eýe boldy, şeýle-de Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.
"Transfermarkt" portaly häzirki wagtda Diniýewiň bazar bahasyna 150 müň ýewro diýip baha berýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

