La Liga. Mbappe dyz şikesi sebäpli azyndan üç hepde oýnap bilmez

Fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe «Real Madridiň» düzüminde alan dyz şikesi sebäpli azyndan üç hepde ýaşyl meýdançalardan daşda galar. Bu barada fransuz neşiri "L'Equipe" habar berýär.

Habara görä, Mbappe birnäçe hepde bäri dyz baglaryndaky näsazlyk sebäpli oňaýsyzlyk duýup gelýärdi. Çarşenbe güni geçirilen MRT barlagy şikesiň çynlakaýdygyny tassyklaýar we futbolça doly bejergi hem-de dynç almak zerur hasaplanýar.

Mbappe şikesine garamazdan, birnäçe duşuşykda agyry bilen oýnamagyny dowam etdirdi. Emma soňky oýunlarda tizligini artdyryp bilmeýändigini we öňküsi ýaly täsirli çykyş edip bilmeýändigini duýup, arakesme almaga mejbur boldy.

Şeýlelikde, Mbappe 9-njy ýanwarda geçiriljek Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym final duşuşygynda «Atletiko Madrida» garşy meýdança çykyp bilmez.

Bu möwsümde «Real Madridiň» ähli duşuşyklaryna diýen ýaly gatnaşan fransiýaly futbolçynyň wagtlaýyn ýoklugy klubyň içinde alada döredýär. Şol bir wagtyň özünde, Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin bu ýagdaý Mbappeniň doly sagalmagy üçin amatly mümkinçilik hökmünde görülýär.