APL. "Çelsi" 1-nji ýanwarda baş tälimçisini işden boşadan ilkinji klub boldy

2026-njy ýylyň ilkinji gününde Londonyň «Çelsi» kluby taryhy waka bilen geldi. Klub baş tälimçi Enso Mareska bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi we şeýlelikde Angliýanyň Premýer-ligasy döredileli bäri (1992-nji ýyldan) 1-nji ýanwarda tälimçisini işden boşadan ilkinji klub boldy.

Statistik platforma "Opta"-nyň maglumatlaryna görä, bu ýagdaý Premýer-liganyň taryhynda ilkinji gezek hasaba alyndy. «Çelsi» täze ýylyň ilkinji gününde baş tälimçini işden boşatmak bilen aýratyn bir waka döretdi.

Häzirki wagtda «Çelsiniň» täze baş tälimçisiniň kim boljakdygy resmi taýdan belli däl. Şeýle-de bolsa, neşirlerde esasy dalaşgär hökmünde hyzmatdaş klub bolan «Strasburgyň» baş tälimçisi Liam Rozeneriň ady agzalýar.

Şol bir wagtyň özünde, işden boşadylan Enso Mareskanyň geljegi hem üns merkezinde. Žurnalist Fabrizio Romanonyň berýän maglumatlaryna görä, italýan hünärmeni «Mançester Sitiniň» mümkin bolan tälimçi dalaşgärleriniň sanawynda galýar. Şeýle-de bolsa, bu diňe häzirki baş tälimçi Pep Guardiola klubdan giden ýagdaýynda göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda «Mançester Siti» bilen Mareskanyň arasynda hiç hili resmi gepleşik ýok. Guardiola häzirki möwsüme doly üns berýändigini aýdýar, Mareska bolsa oňa uly hormat goýýar we ýagdaýy üýtgetmäge howlukmaýar. Belläp geçsek, Enso Mareska ozal Pep Guardiolanyň tälimçi toparyn hem işläpdi.

Gyzykly ýagdaýlaryň biri hem, «Çelsi» bilen «Mançester Siti» klublarynyň Premýer-liganyň 20-nji tapgyrynyň çäginde 4-nji ýanwarda özara duşuşjakdygydyr. Bu duşuşyk tälimçi wakasy sebäpli aýratyn gyzyklanma döredýär.