"Santos" Neýmaryň şertnamasyny uzaldýar
Braziliýanyň «Santos» kluby ýyldyz hüjümçisi Neýmar bilen täze şertnama boýunça ylalaşyga geldi.
Bu barada belli žurnalist Fabrizio Romano X sosial ulgamynda habar berdi. Maglumata görä, 33 ýaşly winger «Santos» klubyndan iň azyndan 2026-njy ýylyň dekabr aýyna çenli çykyş eder. Ozal futbolçynyň şertnamasy 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli niýetlenipdi.
Häzirki möwsümde Neýmar Braziliýanyň çempionatynda 20 duşuşyga gatnaşyp, 8 gol geçirdi hem-de 2 asist etdi. "Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 10 million ýewro diýlip bahalandyrylýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

