Afrika Milletler Kubogynda pleý-off tapgyryna çykan ähli ýygyndylar belli boldy
31-nji dekabrda toparçalaýyn tapgyryň soňky oýun güni tamamlanmagyna garamazdan, Afrika Milletler Kubogynyň pleý-off tapgyryna çykan ýygyndylaryň ählisi eýýäm mälim boldy.
Toparçalarynda ilkinji iki orny eýeläp, pleý-offa gönüden-göni çykan alty ýygyndy:
• Marokko
• Mali
• Müsür
• Günorta Afrika
• Nigeriýa
• Tunis
Şeýle-de, üçünji orunlary eýelän ýygyndylaryň arasyndaky reýting esasynda pleý-offa çykmagy kepillendirilen, ýöne toparçalardaky ahyrky orunlary heniz anyklaşmadyk dokuz ýygyndy bar:
• Senegal
• Kongo Demokratik Respublikasy
• Benin
• Alžir
• Burkina-Faso
• Sudan
• Kamerun
• Kot-d’Iwuar
• Mozambik
Üçünji orun eýelän ýygyndylaryň arasynda diňe biriniň ýagdaýy doly anyk: Tanzaniýa ýygyndysy hiç bir duşuşykda ýeňiş gazanman hem pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.
Şol bir wagtyň özünde, Angola we Komor adalary ýygyndylary üçünji orunlaryň arasynda geçip bolmaýan iki ýagdaýy eýeläp, ýaryş bilen hoşlaşdy.

Düzgüne laýyklykda, Afrika Milletler Kubogynda pleý-off tapgyryna toparçalarda ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar bilen birlikde, üçünji orunlaryň eýeleriniň arasynda iň gowy dört ýygyndy hem çykýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

