AFC CL2. "Arkadag" - "Al-Nasr" duşuşyklarynyň senesi we geçiriljek ýerleri

AFK-nyň häzirki wagtda (30-njy dekabr) berýän maglumatlaryna görä, AFK Çempionlar ligasy–2-niň (ACL Two) 2025/26 möwsüminiň 1/8 final tapgyrynda Ýurdymyzyň çempiony «Arkadag» klubymyzyň «Al-Nasr» bilen oýnajak duşuşyklarynyň geçiriljek senesi, wagty we geçiriljek ýerlerini size ýetirýäris.

«Arkadag» kluby ilkinji duşuşygy öz meýdançasynda geçirer. Oýun 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Arkadag şäherindäki "Arkadag" stadionynda bolar. Duşuşyk sagat 18:45-de başlanar.

Jogap duşuşygy bolsa 2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriler. Oýun "King Saud University Stadium" stadionynda oýnalar we sagat 21:15-de başlanar.