Afrika Kubogy: pleý-off tapgyryna çykan we dalaşgär ýygyndylar belli boldy

Afrika Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň "A" we "B" toparçalarynda üçünji tapgyryň tamamlanmagy bilen, birnäçe ýygyndy pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi.

A toparçasynda: – Marokko (bäsleşigiň eýesi) toparçada 1-nji orny eýeledi
– Mali 2-nji orundan pleý-offa çykdy

B toparçasynda: – Müsür toparçada 1-nji orny eýeledi
– Günorta Afrika Respublikasy 2-nji orny eýeledi

Şeýle-de, toparçalaýyn tapgyryň doly tamamlanmagyna garaşman, iki duşuşykdan soň pleý-off tapgyryna çykmagy üpjün eden ýygyndylar: – Nigeriýa (C toparçasy)
– Alžir (E toparçasy)

Pleý-off tapgyryna çykmak üçin gowy mümkinçilikleri saklaýan ýygyndylar hem bar:
– Senegal (D toparçasy)
– Kongo Demokratik Respublikasy (D toparçasy)
– Kamerun (F toparçasy)
– Kot-d’Iwuar (F toparçasy)

Düzgünlere görä, Afrika Kubogynyň pleý-off tapgyryna her toparçadan 1-nji we 2-nji orunlary eýelän ýygyndylar, şeýle-de ähli toparçalaryň arasynda iň gowy görkezijä eýe bolan dört sany 3-nji orny eýelänler çykýar.