La Liga. "Barselona" soňky ýyllardaky esasy transferleri Florentino Peresiň kömegi bilen amala aşyrdy
Ispaniýanyň "Marca" neşiri çap eden habarynda «Barselona» klubynyň soňky ýyllarda amala aşyran esasy transferleriniň köpüsiniň «Real Madridiň» prezidenti Florentino Peresiň hereketleri bilen baglydygyny öňe sürdi.

Habarda bellenmegine görä, agyr maliýe kynçylyklary döwründe «Barselona» býujetini durnuklaşdyrmak üçin gyssagly çözgütler gözlemäge mejbur bolupdyr. Ozal La Liganyň "CVC: gaznasy bilen baglaşylan şertnama garşy çykan Florentino Peres başga ýol tapyp, «Real Madridiň» hyzmatdaşlary bolan "Sixth Street" maýa goýum gaznasy bilen ylalaşyk gazanypdyr. Netijede, «Barselona» 25 ýyl möhlet bilen teleýaýlym hukuklarynyň 25 göterimini bermek şertinde 517 million ýewro maliýe serişdelerini alypdyr.
Bu maliýe goldawy katalon klubyna aýlyk çäklendirmesi bilen bagly meseleleri çözmäge hem-de Robert Lewandowski, Rafinýa, Žýul Kunde we Ferran Torres ýaly futbolçylary transfer etmäge mümkinçilik beripdir. Bu transferleriň umumy bahasy takmynan 210 million ýewro barabar bolupdyr. "Marca"-nyň bellemegine görä, bu maliýe çeşmesi bolmadyk ýagdaýynda «Barselona» şeýle transferleri amala aşyryp bilmezdi.
Neşir şeýle-de 2022-nji ýylyň awgust aýynda «Barselonanyň» Kundeni hasaba almakda kynçylyklara sezewar bolandygyny we bu ýagdaýy çözmek üçin "Barça Studios" kompaniýasynyň paýlarynyň 49 göterimini 200 million ýewro satandygyny ýazýar. Habara görä, klub bu satuwdan hakykatda diňe 10 million ýewro alypdyr, emma bu ädim hasaba alyş meselesini wagtlaýyn çözmäge mümkinçilik beripdir. Şeýle-de Florentino Peresiň bu ýagdaýy köpçülige çykarmandygyny "Marca" aýratyn nygtaýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, bu ädimleriň jemi «Barselonanyň» takmynan 717 million ýewro maliýe serişdesini almagyna we klubyň täzeden dikelmegine ýardam edipdir. Emma Žoan Laportanyň Superliga taslamasyndan çykmagyndan soň ýagdaý üýtgäpdir. "Marca-nyň" ýazmagyna görä, Florentino Peres indi «Barselona» bilen baglylykda, şol sanda Negreýra işi boýunça has berk pozisiýany eýelemegi meýilleşdirýär we özüni dönük hasaplap, kompensasiýa talap edýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

