AFC CL2. Ronalduly "Al-Nasr" Türkmenistana gelýär. "Arkadag" - "Al-Nasr"

AFK Çempionlar ligasy–2-niň (ACL Two) 2025/26 möwsüminiň 1/8 final tapgyrynyň bije çekilişi tamamlandy. Netijede, Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» klubyna Saud Arabystanyň Kriştianu Ronalduly we beýleki birnäçe ýyldyzly kluby «Al-Nasr» düşdi.

1/8 final tapgyry Günbatar we Gündogar sebitlerinde geçirilýär. Bije çekilişikde bir toparçada çykyş eden klublaryň biri-biri bilen düşmezligi düzgüni berjaý edildi.

Günbatar sebiti (1/8 final duşuşyklary)

• «Al-Zawraa» (Yrak) – «Al-Wasl» (Birleşen Arap Emirlikleri)
• «Arkadag» (Türkmenistan) – «Al-Nasr» (Saud Arabystany)
• «Sepahan» (Eýran) – «Al-Ahli» (Katar)
• «Esteglal» (Eýran) – «Al-Husseýn» (Iordaniýa)

Gündogar sebiti (1/8 final duşuşyklary)

• «Phohan Stilers» (Günorta Koreýa) – «Gamba Osaka» (Ýaponiýa)
• «Ratçaburi» (Taýland) – «Persib Bandung» (Indoneziýa)
• «Bangkok Ýunaýted» (Taýland) – «Makartur» (Awstraliýa)
• «Kongan» (Wýetnam) – «Tampaýnes» (Singapur)

1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 2026-njy ýylyň 10–11-nji fewralynda, jogap oýunlary bolsa 18–19-njy fewralynda geçiriler. «Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynyň ilkinji oýny Türkmenistanyň klubynyň meýdançasynda oýnalar.

Tapgyrlaryň seneleri

1/8 final:
Ilkinji duşuşyklar: 10–11-nji fewral 2026
Jogap duşuşyklar: 18–19-njy fewral 2026


Çärýek final:
Ilkinji duşuşyklar: 3–4-nji mart 2026
Jogap duşuşyklar: 10–11-nji mart 2026


Ýarym final:
Ilkinji duşuşyklar: 7-nji aprel 2026
Jogap duşuşyklar: 14-nji aprel 2026

Final: 16-njy maý 2026 — Günbatar we Gündogar sebitleriniň klublary arasynda, bir duşuşyk görnüşinde bolar.

Şeýlelikde, «Arkadag» kluby AFK Çempionlar ligasy–2-niň pleý-off tapgyrynda dünýä futbolynyň tanalýan ýyldyzlary çykyş edýän «Al-Nasr» bilen güýç synanyşar.