AFC CL2. Ertir "Arkadag" klubymyzyň garşydaşy belli bolar

AFK Çempionlar ligasy–2-niň (ACL Two) 2025/26 möwsüminiň 1/8 final tapgyrynyň bije çekilişi 30-njy dekabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki AFK-nyň ştab-jaýynda geçiriler. Bije çekiliş Aşgabat wagty bilen sagat 12:00-da başlanar. Ony AFK-nyň resmi "YouTube" kanaly görkezer.

Toparçalaýyn tapgyryň tamamlanmagyndan soň, Günbatar we Gündogar sebitlerinden 16 klub 1/8 final tapgyryna çykdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň wekili «Arkadag» kluby hem bar.

Günbatar sebiti
1-nji sebet (toparçalaýyn tapgyryň ýeňijileri):
• «Al-Wasl» (BAE)
• «Al-Ahli» (Katar)
• «Al-Husseýn» (Iordaniýa)
• «Al-Nasr» (Saud Arabystany)

2-nji sebet (toparçalaýyn tapgyryň ikinjileri):
• «Esteglal» (Eýran)
• «Arkadag» (Türkmenistan)
• «Sepahan» (Eýran)
• «Al-Zawraa» (Yrak)

Gündogar sebiti
1-nji sebet:
• «Makartur» (Awstraliýa)
• «Gamba Osaka» (Ýaponiýa)
• «Persib Bandung» (Indoneziýa)
• «Tampaýnes» (Singapur)

2-nji sebet:
• «Kongan» (Wýetnam)
• «Ratçaburi» (Taýland)
• «Bangkok Ýunaýted» (Taýland)
• «Phohan Stilers» (Günorta Koreýa)

Bije çekilişikde bir toparçada çykyş eden klublar biri-biri bilen düşmez. Bu düzgün bije çekişigiň ýörite programma üpjünçiligi arkaly üpjün ediler.

Oýunlaryň seneleri
• 1/8 final: 2026-njy ýylyň fewral aýy
• Günbatar: 10–11 we 17–18 fewral
• Gündogar: 11–12 we 18–19 fewral

• Çärýek final: mart aýy
• Ýarym final: aprel aýy
• Final: 2026-njy ýylyň 16-njy maýy, Günbatar – Gündogar klublary duşuşar

Şeýlelikde, «Arkadag» kluby AFK Çempionlar ligasy–2-niň pleý-off tapgyryndaky garşydaşyny 30-njy dekabrda, sagat 12:00-da (Aşgabat wagty) biler.