RSL. "Al-Nasr" ynamly ýeňiş gazandy, Kriştianu Ronaldu rekordlaryny dowam etdirýär

Saud Arabystanyň futbol boýunça çempionatynyň 11-nji tapgyrynda «Al-Nasr» öz meýdançasynda «Al-Ohdud» klubyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Er-Riýad şäherinde geçirilen duşuşykda öý eýeleri doly artykmaçlyk bilen çykyş etdiler.

Duşuşykda iki goly portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu geçirdi. Onuň ýene bir goly "VAR" gözden geçirilişinden soň hasaba alynmady. Galan bir goly bolsa Ronaldu bilen bir ýygyndyda çykyş edýän Žoau Feliks öz adyna ýazdyrdy.

Bu netijeden soň Kriştianu Ronaldu bilen Žoau Feliks çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçylarynyň sanawynda birinji orny bilelikde paýlaşýarlar. Iki futbolçynyň hem hasabynda 12 gol bar. Ronaldu bolsa karýerasy boýunça geçiren gollarynyň sanyny 956-a ýetirdi.

Saud Arabystanyň çempionatynda iň köp gol geçiren oýunçylaryň häzirki ýagdaýy:

• Kriştianu Ronaldu («Al-Nasr») – 12 gol
• Žoau Feliks («Al-Nasr») – 12 gol
• Joşua King («Al-Halij») – 10 gol

«Al-Nasr» çempionatyň ilkinji 10 duşuşygyndan soň 30 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda ýeke-täk lider bolup durýar. Topar möwsümi ýüz göterim netijelilik bilen geçirýär we iň ýakyn bäsdeşi «Al-Hilaldan» 4 utuk öňde barýar.

Şeýle-de, bu duşuşyk Kriştianu Ronaldu üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. 40 ýaşly hüjümçi 2025-nji ýylyň dowamynda ähli ýaryşlarda jemi 40 gol geçirmegi başardy. Bu görkeziji bilen ol 40-dan köp goly 14 dürli senenama ýylynda geçiren futbolçy boldy. Soňky ýyllardaky görkezijileri onuň karýerasynyň henizem ýokary derejede dowam edýändigini görkezýär.

«Al-Nasr» kluby ýylyň soňky duşuşygyny 30-njy dekabrda «Al-Ittifak» klubyna garşy geçirer.