Transfer. Semenýo "Sitini" saýlady, Bobb "Dortmunda" gidip biler

«Bornmutyň» hüjümçisi Antuan Semenýo iri klublaryň üns merkezinde bolup, oýunçy gyşky transfer penjiresinde toparyny çalyşmaga ýakyn görünýär. Futbolçynyň özi hem geljek karýerasy boýunça saýlawyny etdi.

Žurnalist Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, Semenýo «Mançester Siti» klubyna geçmek isleýär. 23-nji dekabrda "äherliler" futbolçyny düzümine goşmak boýunça işlerini has işjeň dowam etdirdi. Şeýlelikde, Semenýony almak üçin uly gyzyklanma bildirýän «Mançester Ýunaýted» maksadyna ýetip bilmedi.

Ozal «Liwerpul» hem Antuan Semenýony uzak möhletli şikes alan Aleksandr Isagyň ornuny doldurmak üçin esasy dalaşgär hökmünde görýärdi. Emma öňki maglumatlara görä, "mersisaýdlylar" bu transferde esasy dalaşgär hasaplanmaýardy.

Birnäçe klubyň arasynda Antuan Semenýony almakda aç-açan öňde barýan topar — «Mançester Siti». Emma muňa garamazdan, "şäherliler" wagt taýdan howlukmaly.

"BBC"-niň habar bermegine görä, Semenýonyň şertnamasynda 72 million ýewro + 5 million ýewro bonus möçberinde satyn alma maddasy bar. Ýöne bu madda diňe 10-njy ýanwara çenli güýjünde. Ondan soň «Mançester Siti» – «Bornmut» bilen göni gepleşik geçirmeli bolar.

Şol bir wagtyň özünde, Dortmundyň «Borussiýa» klubynyň wingeri Karim Adeýemi klubdan gitmek isleýär. Munuň sebäbi hökmünde futbolçynyň söýgülisiniň Rur sebitinde ýaşamak islemeýändigi görkezilýär. «Borussiýa» kluby eýýäm onuň ornuna oýunçy gözläp başlady.

"Daily Mail" neşiriniň maglumatyna görä, Dortmund klubynyň tälimçisi Niko Kowaç «Mançester Siti» klubynyň wingeri Oskar Bobba üns berdi. 22 ýaşyndaky norwegiýaly futbolçy, eger «Mançester Siti» Antuan Semenýony düzümine goşsa, klubyny terk edip biler. Iňlis kluby hem Bobbyň gitmegine garşy däl.

Häzirki wagtda «Mançester Siti» gyşky transfer penjiresinde Oskar Bobb boýunça tekliplere açyk. Şeýle-de bolsa, oňa diňe «Borussiýa» däl, başga klublar hem gyzyklanma bildirýär.