Transfermarkt. Pep Guardiola transfer çykdajylarynda öňdeligi eýeleýär
"Transfermarkt" portaly tarapyndan berlen maglumatlara görä, futbol taryhynda toparyny güýçlendirmek üçin iň köp serişde harçlan tälimçi «Mançester Siti» klubynyň baş tälimçisi Pep Guardiola boldy.
Ispaniýaly hünärmen tälimçilik karýerasynyň dowamynda jemi 2,51 milliard ýewro sarp edip, 96 futbolçyny düzümine goşdy. Bu görkeziji ähli tälimçileriň arasynda iň ýokarydyr.
Ikinji orunda häzirki wagtda «Benfika» klubyna ýolbaşçylyk edýän Žoze Mourinýo ýerleşýär. Portugaliýaly tälimçi 134 futbolçy üçin 1,99 milliard ýewro harçlady.
Üçünji ýerde bolsa häzirki wagtda Braziliýa milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolan Karllo Ançelotti bar. Ol klub derejesindäki işinde 126 futbolça üçin 1,84 milliard ýewro çykdajy etdi.
Ilkinji bäşligi şeýle-de «Milan» klubynyň baş tälimçisi Massimiliano Allegri (1,60 mlrd ýewro) we «Atletiko» klubynyň tälimçisi Diego Simeone (1,55 mlrd ýewro) jemleýär.

Seýle hem, häzirki möwsümde klublaryň arasynda iň köp serişde harçlan tälimçileriň arasynda «Liwerpul» klubynyň tälimçisi Arne Slot birinji orny eýeledi. Ol 7 oýunçy üçin 483 million ýewro sowdy.
Ikinji orunda 10 oýunçyny alan «Çelsi» (339 million ýewro), üçünji orunda bolsa 8 oýunçyny alan «Arsenal» (294 mln ýewro) klublary ýerleşýär.
Ilkinji bäşligi bolsa, 7 oýunçy alan «Nýukasl» (279 mln) we 5 oýunçy alan «Mançester Ýunaýted» (251 mln) klublary tamamlaýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

