La Liga. "Real Madridiň" goragçysy Dawid Alaba 2026-njy ýylda klubdan gider
33 ýaşly awstriýaly goragçy Dawid Alaba «Real Madrid» bilen şertnamasyny uzaltmaz we 2026-njy ýylyň tomsunda klubdan gider. Bu barada belli žurnalist Fabrizio Romano habar berýär.

Habara görä, «Real Madridiň» ýolbaşçylary Alaba bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi däl. Futbolçynyň özi hem klubdaky oýun wagtynyň azlygy sebäpli ýagdaýdan nägile.
Dawid Alaba 2021-nji ýylda «Bawariýadan» erkin agent hökmünde «Real Madridiň» düzümine goşulypdy. Şu wagta çenli ol madridlileriň düzüminde 120 duşuşyga gatnaşyp, 5 gol geçirdi hem-de 9 asist berdi.
«Real Madrid» bilen bilelikde Alaba iki gezek Çempionlar ligasynyň we La Liganyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de ol UEFA-nyň Superkubogyny, FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatyny we Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy.
Tejribeli goragçynyň «Real Madrid» bilen häzirki şertnamasy 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

