Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň jemleýji duşuşygy 27-nji dekabrda geçiriler. Finalda ýurdumyzyň güýçli toparlaryndan bolan «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary güýç synanyşarlar.
Duşuşyk Arkadag şäherindäki "Arkadag" stadionynda bolup geçer we sagat 15:00-da başlanar.
Ýarym final tapgyrynda «Arkadag» topary «Aşgabat» bilen geçirilen iki duşuşygyň jemi boýunça 7:2 hasabynda üstün çykyp, finala çykdy. «Ahal» topary bolsa «Şagadam» bilen geçirilen duşuşyklaryň jemi boýunça 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, jemleýji tapgyra adyny ýazdyrdy.
Ýeri gelende bellesek, soňky iki möwsümde hem Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda hut «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary duşuşypdy. Şol duşuşyklaryň ikisinde-de «Arkadag» topary ýeňiş gazanyp, Kubogy eýeläpdi.
Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy:
Sene: 27.12.2024 ý. (şenbe)
Duşuşyk: «Arkadag» – «Ahal»
Geçirilýän ýeri: "Arkadag" stadiony (Arkadag ş.)
Başlanýan wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: Berdimämmet Atdyýew (Arkadag ş.)
Kömekçi eminler: Ihlas Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: Ýeňiş Nazzyýew (Mary ş.)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

