Transfermarkt. Dünýäniň iň gymmat futbolçylary belli boldy
"Transfermarkt" portalynyň täzelenen bahalaryna görä, häzirki wagtda dünýä futbolyndaky iň gymmat üç futbolçy belli boldy.
«Barselona» toparynyň wingeri Lamin Ýamal 200 million ýewro bilen bahalandyryldy. Şol bir baha «Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe hem-de «Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erlin Holand üçin hem kesgitlenildi. Häzirki wagtda diňe şu üç futbolçy 200 million ýewro derejesine ýetip bildi.

Olaryň yzyndan «Real Madridiň» ýarymgoragçysy Jud Bellinhem (160 million ýewro) hem-de wingeri Winisius Junior (150 million ýewro) gelýär. Şeýlelikde, olar dünýäniň iň gymmat TOP-5 futbolçysynyň sanawyny jemleýär.
Statistika görä, «Real» toparyndan jemi dört futbolçy iň gymmat TOP-15-lige girýär, bu görkeziji beýleki ähli toparlardan ýokarydyr. «Barselona», «Bawariýa», «Arsenal» we «Liwerpul» toparlarynyň bolsa bu sanawda bir-iki wekili bar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

