Transfer. Endrik "Liona" kärendesine geçdi

Fransiýanyň «Lion» topary resmi taýdan «Real Madrid» toparynyň ýaş braziliýaly hüjümçisi Endrik bilen kärendesine şertnama baglaşdy. 19 ýaşly futbolçy möwsümiň ahyryna çenli Fransiýada çykyş eder we kärende şertnama boýunça futbolçyny satyn almak hukugy berilmeýär.

Endrik 2024-nji ýylyň tomsunda 18 ýaşyna ýetende «Real Madrid» toparyna 47,5 million ýewro möçberinde transfer edildi. Häzirki şertnamasy 2030-njy ýyla çenli dowam edýär. Häzirki möwsümdäki çykyşynda ol üç ýarym oýun oýnady we umumylykda 99 minut meýdançada boldy. Geçen möwsümde bolsa ol 37 oýunda çykyş edip, 7 gol geçirdi.