APL. Isak iki aýdan ir gaýdyp bilmez
«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot hüjümçi Aleksander Isagyň agyr şikesi barada pikirini aýtdy. Tälimçiniň sözlerine görä, şwesiýaly futbolçynyň dikeldiş döwri azyndan iki aý dowam eder.

Slot bu ýagdaýyň hem futbolçy, hem-de topar üçin uly lapykeçlikdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, şikesiň bolan pursadyndaky hereket örän howply bolupdyr we köplenç şeýle ýagdaýlar agyr şikes bilen tamamlanýar.
Aleksander Isak Angliýanyň Premýer-ligasynyň 17-nji tapgyrynda «Tottenhem» bilen geçirilen duşuşykda topuk süňkünden şikes aldy. Şol duşuşyk «Liwerpulyň» 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Lukmançylyk barlaglary futbolçynyň süňk döwügi alandygyny tassyklaýar. Şikes almagyna garamazdan, Isak şol oýunda gol geçirmegi hem başardy.
Esasy hüjümçiniň uzak wagtlap hatardan çykmagy «Liwerpulyň» gyşky transfer bazarynda has işjeň bolmagyna sebäp bolup biler. Iňlis metbugatynyň ýazmagyna görä, topar ýolbaşçylary Antuan Semenýonyň satyn alma şertnamasyny işjeňleşdirmek mümkinçiligine seredýärler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

