Messiniň uýasy ýol heläkçiligine düşdi
«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi we Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messiniň kiçi uýasy Maria Sol Messi ABŞ-nyň Maýami şäherinde bolan ýol-ulag hadysasynda şikes aldy.
Argentinaly žurnalistleriň habaryna görä, waka geçen hepde bolup geçdi. Ulag dolandyryp barýan wagty Maria Soluň ýagdaýy birden erbetleşip, ol awtoulagy dolandyrmagy ýitirdi we diwar bilen çaknyşdy. Heläkçilik agyr bolsa-da, lukmanlar onuň janyna howp ýokdugyny bellediler.
Bu maglumaty futbolçynyň ejesi Selia Kuççittini hem tassyklap, Maria Soluň häzirki wagtda Argentinada bolandygyny aýtdy.
— Ol özüni gowy duýýar, — diýip Selia Kuççittini belläp geçdi.
Heläkçiligiň netijesinde Maria Sol Messi birnäçe agyr şikes aldy: ýanyklar, iki oňurga süňküniň döwülmegi, dabanyň hem-de bilegiň süňkleriniň şikeslenmegi. Lukmanlar uzak wagtlap dikeldiş bejergisini bellediler. Şol sebäpli onuň Hulian Arellano bilen meýilleşdirilen toýy soňa süýşürildi. Toý 3-nji ýanwarda Rosario şäherinde geçirilmelidi.
ABŞ-da ilkinji lukmançylyk kömegi alnan soň, Maria Sol Messi dikeldiş bejergisini dowam etdirmek üçin Rosario şäherine getirildi. Hulian Arellano «Inter Maýami» toparynyň U-19 ýaşlar düzüminiň tälimçisi bolup işleýär we Messiniň maşgalasy bilen köp ýyllardan bäri tanyş.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

