Transfer. Zirkza "Roma" gyzyklanma bildirýär

«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Joşua Zirkzi karýerasyny Italiýada dowam etdirmek mümkinçiligine seredýär.

Žurnalist Florian Plettenbergiň maglumatlaryna görä, gollandiýaly futbolçy «Roma» topary tarapyndan hödürlenen sport taslamasyna oňyn garaýar.

Rim topary 24 ýaşly hüjümçini takmynan 5 million ýewro töleg bilen kärendesine almak, şertnamada bolsa geljek tomus ony 30 million ýewro töweregi bahadan satyn almak mümkinçiligini goşmak isleýär. Taraplaryň arasynda aragatnaşyk dowam edýär, emma «Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylary entek gutarnykly karara gelmedi.

Şeýle-de Zirkzi diňe «Roma» däl, beýleki Ýewropa toparlarynyň hem üns merkezinde. Bu ýagdaý transferiň geljegine täsir edip biler.

Futbolçynyň «Mançester Ýunaýted» bilen şertnamasy 2029-njy ýyla çenli niýetlenen. Ol şu möwsüm Premýer-ligada 10 duşuşyga gatnaşyp, 1 gol geçirdi. "Transfermarkt" portaly Zirkziniň bazar bahasyny 25 million ýewro diýip baha berýär.