Messi assistleriň sanawynda öňde

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi 2025-nji ýylda klub we milli ýygyndy derejesinde ähli ýaryşlarda jemi 28 asist etdi.

Bu görkeziji bilen argentinaly futbolçy Germaniýanyň «Bawariýa» toparynyň wingeri Maýkl Olise bilen bilelikde ýylyň iň köp asist eden oýunçysy boldy. Bellärliklisi, Messi bu netijä 54 duşuşykda, Olise bolsa 60 oýunda ýetdi.

2025-nji ýylyň iň gowy asistentleriniň ilkinji üçlügini «Barselona» toparynyň wingeri Lamin Ýamal jemleýär — ol liderlerden bary-ýogy 1 asist yzda galdy.

Iň gowy bäşlige şeýle hem «Mançester Siti» toparynyň ýarymgoragçysy Raýan Şerki hem-de «PSŽ» toparynyň wingeri Bredli Barkola girdi. Olaryň hersiniň hasabynda 21 asist bar.