AFC CL2. Türkmenistandan 2027/28 möwsüminde iki klubyň gatnaşmagyna garaşylýar

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) 2025-nji ýyl boýunça (möwsüm däl) klublar reýtingine görä, Türkmenistan Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-niň (CL2) 2027/28 möwsüminde 1+1 kwotany kepillendirdi diýen ýaly.

Reýtingi düzüjiler başda türkmen toparlarynyň ýaryşda galmandygyny görkezen bolsalar-da, hakyky bal hasaplarynda Türkmenistanyň ýagdaýy durnukly bolup durýar. Häzirki hasap boýunça Türkmenistan "CL2"-niň 2027/28 möwsüminde bir gönümel we bir saýlama tapgyr kwotasyny alar diýen çaklama bar. Diňe Kuweýdiň klubynyň Çagyryş ligasy (Challenge League) ýaryşynda örän ýokary netije görkezmegi bu ýagdaýy üýtgedip biler.

Merkezi Aziýa klublarynyň arasynda bal boýunça iň ýokary görkezijini ýurdumyzyň «Arkadag» topary görkezýär. Türkmen kluby häzirki möwsümde 8,6 bal gazanyp, sebitiň iň gowy lideri boldy we ýaryşdaky çykyşyny dowam etdirýär. Türkmenistanyň umumy balynyň birneme pes görünmeginiň sebäbi, düzgünlere laýyklykda, toplanylýan ballaryň ýurtdan gatnaşan toparlaryň sanyna bölünmegidir. Bu möwsümde Türkmenistandan 3 klub gatnaşdy. Şol bir wagtyň özünde, «Ahal» klubynyň bu ýylky ýaryşlarda birnäçe gezek jedelli ýagdaýlarda utuk ýitirmegi hem umumy hasaba täsir etdi.

Netijede, «Arkadag» klubynyň üstünlikli çykyşlary Türkmenistanyň halkara klublar futbolyndaky ornuny pugtalandyrýar we ýakyn ýyllarda Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-de yzygiderli wekilçilik etmegine uly mümkinçilik döredýär.