AFC CL2. "Arkadag", Ronaldunyň "Al-Nasr" topary bilen duşuşyp biler: bije 30-njy dekabrda

Aziýanyň Çempionlar ligasy–2 2025/26 möwsüminiň pleý-off tapgyryna bije çekişligi 30-njy dekabrda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki AFK-nyň ştab-kwartirasynda geçiriler.

Toparçasynda ikinji orny eýelän «Arkadag» topary 1/16 finalda Günbatar zolagyndaky toparçalarda birinji orny alan toparlaryň biri bilen duşuşar. Şol sebäpli ýurdumyzyň toparynyň garşydaşy güýçli toparlaryň biri bolar.

«Arkadag» üçin mümkin bolan garşydaşlar şular:
— «Al-Wasl»
— «Al-Husseýn»
— «Al-Nasr»

Üns çekýän mümkinçilikleriň biri hem «Arkadagyň» dünýä belli futbolçy Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän «Al-Nasr» topary bilen duşuşyp biljekdigidir. Şeýle bije ýagdaýynda bu duşuşyk Aziýanyň futbol janköýerleriniň aýratyn üns merkezinde bolar.

Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/16 final duşuşyklary iki oýun boýunça 2026-njy ýylyň fewral aýynda geçiriler.