AFC CL2. 1/16 finala çykan toparlar belli boldy
Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Aziýanyň Çempionlar ligasy–2 2025/26 möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň Günbatar zolagynda 6-njy tapgyryň jemleri jemlenenden soň, 1/16 finala çykan toparlar belli boldy.
"B" toparçada ýurdumyzyň «Arkadag» topary 7 utuk bilen ikinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykdy. Toparçanyň ýeňijisi Katar wekili «Al-Ahli» boldy (10 utuk). Toparçanyň jemleýji ýagdaýy diňe soňky tapgyrdan soň kesgitlenildi. Şeýlelikde, «Arkadag» Aziýa derejesinde ýene bir möhüm tapgyra geçmegi başardy. «Ahal» bolsa bu möwsümde toparçadan çykyp bilmedi.

Beýleki toparçalarda şeýle netijeler hasaba alyndy.
"A" toparçasynda BAE-niň «Al-Wasl» topary 14 utuk bilen birinji orny eýeledi, Eýranyň «Esteglal» topary bolsa 8 utuk bilen ikinji orundan çykdy.
"C" toparçasynda Iordaniýanyň «Al-Husseýn» topary bilen Eýranyň «Sepahan» topary nobatdaky tapgyra geçdi.
"D" toparçasynda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» topary ähli 6 duşuşygy ýeňiş bilen tamamlady, Yragyň «Al-Zawraa» topary bolsa gollaryň tapawudy boýunça 1/16 finala çykdy.
Gündogar zolagynda bolsa pleý-off tapgyryna çykan toparlar öňünden kesgitlenipdi.
"E" toparçada Awstraliýanyň «Makartur» (13 utuk) we Wýetnamyň «Kongan», "F" toparçada Ýaponiýanyň «Gamba Osaka» bilen Taýlandyň «Ratçaburi», "G" toparçada Indoneziýanyň «Persib Bandung» (13 utuk) we Taýlandyň «Bangkok Ýunaýted», "H" toparçada bolsa Singapuryň «Tampaýnes» (16 utuk) hem-de Günorta Koreýanyň «Phohan Stilers» toparlary 1/16 finala çykdy.
Aziýanyň Çempionlar ligasy–2-niň 1/16 final duşuşyklary iki oýun boýunça 2026-njy ýylyň fewral aýynda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

