AFC CL2. "Arkadag" pleý-off tapgyryna çykdy

Şu gün, 24-nji dekabrda geçirilen AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň "B" toparçasyndaky soňky tapgyr duşuşyklaryndan soň, ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.

"Arkadag" stadionynda geçirilen duşuşykda toparymyz Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk gol 45-nji minutda Ýazgylyç Gurbanowyň adyna ýazyldy.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Kataryň «Al-Ahli» topary Özbegistanyň «Andijon» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, "B" toparçasynda «Al-Ahli» 10 utuk bilen birinji orny eýeledi. «Arkadag» toparymyz 7 utuk bilen ikinji orna çykyp, pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. «Al-Haldiýa» 6 utuk bilen üçünji, «Andijon» bolsa 5 utuk bilen dördünji orunda galdy.

«Arkadag» toparymyza pleý-off tapgyrynda üstünlik arzuw edýäris.