AFC CL2. "Arkadagyň" duşuşygyny nireden görüp bolar?

Şu gün, 24-nji dekabrda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy–2-niň "B" toparçasyndaky soňky duşuşygyny geçirer. Oýun "Arkadag" stadionynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyna garşy bolup geçer we Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Duşuşyga tomaşa etmek isleýän janköýerler oýny göni ýaýlymda "The AFC Hub" "YouTube" kanalyndan görüp bilerler.

Şol bir wagtda toparçanyň beýleki duşuşygynda «Al-Ahli» (Katar) öz meýdançasynda «Andijon» (Özbegistan) toparyny kabul eder. Bu oýun hem sagat 21:00-da başlanar.

Toparçadan çykmak üçin «Arkadag» toparymyz öz duşuşygynda hökmany ýeňiş gazanmaly, şeýle hem «Al-Ahli» topary «Andijondan» utuk almaly.